logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÄHMIÝETLI ÇÖZGÜTLERI–GARAŞSYZ HEMIŞELIK BITARAP WATANYMYZYŇ DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistanyň Halk maslahatynyň taryhy ähmiýetli çözgütleri–Garaşsyz Hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet berkararlygynyň binýady» atly Jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkezinde geçirilen maslahata gatnaşdy. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň baş maksady ýylyň dowamyndaky işleriň jemlerini, seljermek bilen bir hatarda, şöhratly geçmişimizde, bagtyýar şu günümize nazar aýlap, röwşen geljegimize ynamly gadam urmak üçin döwrüň möhüm meselelerini, zerurlyklaryny, özgerýän dünýäniň şertlerini göz öňünde tutup, çözgütleri kabul etmekdir. Üstünlikli geçen halk maslahaty hem-de onda badalga berilen beýik maksatlar, geljekde ata Watanyňy, ene topragyňy gözüniň göreji deýin görýän mähriban halkymyzyň gazanjak beýik üstünliklerine badalga bolar. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmeni «Ýaşlyk» teleýaýlymynda ýazgy edilen söhbetdeşlikde täsirli gürrüňler berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny bir supranyň başyna jem edip, bagtyýar günleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.