logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmenistanyň halk şahyry

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlykly günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ussat ýazyjy Durdy Gylyç şahyryň doglan gününiň 160 ýyllygyna bagyşlap “Türkmenistanyň halk şahyry” atly söhbetdeşligini geçirdi.

Türkmen edebiýatynyň hem-de şygyryýetiniň taryhynda görnükli orun eýeleýän kör Durdy Gylyç şahyr we bagşydyr. Çagalyk ýyllarynda kesellemegi sebäpli gözlerinden mahrum bolýar. Ýöne tutanýerli we gözelligi duýmak ukyby bilen zehinini ösdürmegi başarýar. Ol eşiden, diňlän gürrüňlerini, rowaýatlaryny, ertekidir, dessanlaryny ýat tutupdyr. Soňra bolsa olary halka ýatdan aýdyp beripdir. Şonuň üçin özi-de goşgy düzmäge başlapdyr. Şahyryň “Jykyr”, “Emekli”, “Çatma” “Zamanaň geldi”, “Ylym okalyň”, “Biziň Türkmenistanda”, “Ýörüň” atly başga-da birnäçe goşgulary bar. Onuň eserleri zamanasynyň şahyrana ýazgylary bolup, edebiýat taryhynda yz galdyrdy. Kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere şular dogrusynda hem-de şahyryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ona gatnaşan körpe kitapsöýüji ýaşlar türkmen edebiýatymyzy öz döredijilik eserleri bilen baýlaşdyran ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini öwrenmeklige ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.