logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ HALK ŞAHYRY GARA SEÝITLIÝEWIŇ DOGLAN GÜNINIŇ 110 ÝYLLYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň hem her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly işleriniň netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimize we sungatymyza, halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn üns berilýär. Öz döwründe görnükli yz galdyran halypalarymyza, kompozitorlarymyza, şahyrlarymyza, umuman, sungat ussatlarymyzyň sarpasy bu günki gün has belentde tutulýar. Ussat halypalarymyza bagyşlanyp döredijilik duşuşyklaryň, konsertleriň, edebi agşamlaryň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

Biziň sungat ojagymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda hem şeýle täsirli duşuşyklar yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň halk şahyry Gara Seýitliýewiň doglan güniniň 110 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýatlama konserti hem örän ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Bu konsertda tomaşaçylara Türkmenistanyň halk şahyry Gara Seýitliýewiň ömür döredijiligine bagyşlanan wideoýazgy görkezildi. Ýeri gelende belläp geçsek ussat şahyrymyzyň goşgularynyň köpüsi kompozitorlar tarapyndan aýdym edilip bagşy-sazandalar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi we halkyň kalbynda hemişelik ýer aldy. Gara Seýitliýewiň goşgularyny şirin aýdymlara öwren kompozitorlardan Daňatar Öwezowy, Rejep Gutlyýewi, Andreý Babaýewi, Sahy Jepbarowy, Geldi Ugurlyýewi, Hydyr Allanurowy ýatlamak bolar.

Konsertiň dowamynda şahyryň sözlerine Daňatar Öwezowyň sazyna “Leýla” aýdymy, “Balykçynyň aýdymy” arhiwde wideoşekilli ýazgy esasynda diňleýjilere görkezildi. Rejep Gutlyýewiň sazyna döredilen “Daň şemaly”, Daňatar Öwezowyň sazyna döredilen “Hallygözel” aýdymyny Maýa Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde 4 - nji ýyl talyp Ýusup Ataýew ýerine ýetirdi. Andreý Babaýewiň sazyna “Enejan”, “Ýaşlyk aýdymyny” Aýna Seýitgulyýewa ýerine ýetirdi. Sahy Jepbarowyň sazyna döredilen “Görşeli” aýdymyny Meýlis Goçmyradow, “Şahyrym” aýdymyny Magtymguly Magtymgulyýew, Geldi Ugurlyýewiň sazyna döredilen “Zor oglan” aýdymy 4-nji ýyl talyp Ejegül Hallyýewa dagylar ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Hydyr Allanurowyň sazyna döredilen “Şat Watanyň aşygy” aýdymy Suraý Kubyýewanyň ýerine ýetirmeginde, Mergen Astanowyň sazandarlyk etmeginde diňleýjilere ýetirildi.

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gaanan işgäri şahyr zenan Tuwakgül Gylyjwa, Gara Seýitliýewiň agtygy Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri Ogulsona Seýitliýewa dagylar hem-de, Türkmen milli konserwatoriýamyzyň halypa, professor mugallymlary Gara Seýitliýew hakda birnäçe ýakymly ýatlamalary gürrüň berdiler.

Biz talyplara okamaga, öwrenmäge, halypalarymyzy häli şindi ýatlap gyzykly edebi agşamlary, konsertleri geçirmek üçin giň şertleri döredip, halypa- şägirtlik ýolunuň ösmegi üçin aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!


Aýläle Gulmuradowa

Maýa Kulyýwa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby