logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYLARYNYŇ DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjylary Hydyr Derýaýewiň 120, Çary Aşyrowyň 115, Anna Kowusowyň 105,Ýazmyrat Mämmediýewiň 95, Täçmämmet Jürdekowyň 85, şahyr,terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradowyň 80 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda çykyş eden döredijilik işgärleri, Türkmenistanyň halk ýazyjylary Hydyr Derýaýewiň, Çary Aşyrowyň, Anna Kowusowyň ,Ýazmyrat Mämmediýewiň, Täçmämmet Jürdekowyň ,şahyr terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradowyň maşgala agzalary we dogan-garyndaşlary ýokarda ady agzalan, bu halypa döredijilik işgärleriniň ýazan ajaýyp eserleri, olaryň ömri we döredijiligi barada giňişleýin söhbet etdiler.Şeýle hem olar özleriniň gyzykly ýatlamalaryny gürrüň berdiler.

Soňra çykyş edenler bize şeýle halypalary,ussat döredijilik işgärlerini ýatlamaga uly şertler döredip berýän hormatly Prezidentimize öz alkyşlaryny aýtmak bilen,Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag,ömrüleriniň uzak,alyp barýan beýik işleriniň mundan –buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.