logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERT GEÇIRILDI

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kamera ansambly” kafedrasynyň hepdeligi badalga aldy.

Hepdeligiň açylyş dabarasynda Garaşsyz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly konsert geçirildi. Bu konserta Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary we talyp-ýaşlar gatnaşdylar.

Konsert maksatnamasy Läle Arazdurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde kompozitor W.Muhadowyň “Jan Türkmenistan” aýdymy bilen açyldy.

Dabaraly konsertiň dowamynda diňe bir türkmen kompozitorlarynyň däl-de, eýsem, daşary ýurt nusgawy kompozitorlaryň W.A.Mosartyň, L.W.Bethoweniň, R.Ştrausyň, R.Şumanyň sonata eserleri we dürli aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Ýaş zehinli talyplar Leýli Salyhowa, Aýnur Otuzowa, Şasenem Rejepowa, Selbi Salyhowa, Bägül Täçmyradowa, Kiril Lebedew, Seýran Atanyýazow, Şaislam Komiljanow öz çykyşlarynda diňleýjilere skripka we fortepiano saz guralynyň bilelikdäki ajaýyp owazyny utgaşdyryp ýerine ýetirmekleri dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Zehinli talyp Merjen Gutlymyradowanyň sazandarlyk etmeginde F.Şubertiň “La pastorella” atly ajaýyp aýdymy bolsa Läle Arazdurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde has-da täsirli boldy.

Ajaýyp konsert Elmira Jumakulyýewanyň sazandarlyk etmeginde Läle Arazdurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde K.Garowowyň “Mähriban siz eneler” aýdymy bilen dabaraly ýagdaýda jemlendi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli medeniýetimizi ösdürmekde, gadymyýetden gözbaş alýan aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmakda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby