logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ KAZYLARYNYŇ VII MASLAHATY

TÜRKMENISTANYŇ KAZYLARYNYŇ VII MASLAHATY

15-nji fewralda Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleler girizildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanyldy. Kazyýet edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hukuk özgertmeleriniň möhüm ugrudyr. Şunda öňdebaryjy tejribeleriň öwrenilmegine, degişli hukuk goraýjy edaralaryň işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

«Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi maslahatda garalan esasy meseleleriň biri boldy. Çykyşlarda bu resminamada göz öňünde tutulan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berildi. Milli kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini döwrebaplaşdyrmak işleri hem garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda degişli düzümleriň işini sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly halkara tejribä laýyklykda guramagyň ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy. Maslahatda häzirki döwrüň talaplaryny göz öňünde tutup, kazyýet hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hem uly üns berildi.

«Türkmenistan» gazeti