logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ KITAPHANA ULGAMYNY ÖSDÜRMEGIŇ 2025-2029-NJY ÝYLLAR ÜÇIN DÖWLET MAKSATNAMASYNDA BELLENILEN WEZIPELERI ÝERINE ÝETIRMEKDE KITAPHANA IŞINDE ILERI TUTULÝAN UGURLAR

Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde kitaphana işinde ileri tutulýan ugurlar» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynyň çäginde geçirilýän medeniýet hepdeliginiň dabarasy uly toý baýramçylyk şatlyga beslenip, geçirilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Medeniýet merkezinde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen usulyýet maslahaty bilen uly badalga aldy. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen wezipeler maslahatda ara alynyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Maslahata gatnaşyjylar kitaphana işinde öňde baryjy usullar, häzirki zaman gaznalaryny döretmek, medeni, aň-bilim ýaýradyş çärelerini guramak we okyjylaryň işjeňligini ýokarlandyrmak ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlara giň gerim berildi .Şeýle hem kitaphana işini sanly ulgama geçirmek we bitewi maglumat gurşawyny kemala getirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi hem-de şular dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleri bu çärede giňişleýin sergilendi.

Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläkde baýlaşdyrmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.