logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ KITAPHANA ULGAMYNY ÖSDÜRMEGIŇ DÖWLET MAKSATNAMASY

TÜRKMENISTANYŇ KITAPHANA ULGAMYNY ÖSDÜRMEGIŇ DÖWLET MAKSATNAMASY

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» Balkan welaýatynyň kitaphana ulgamynyň zähmetsöýer hünärmenleriniň arasynda giňden goldaw tapdy we buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Ýakynda Balkan welaýat çagalar kitaphanasy bu şanly waka mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasynda ýörite medeni köpçülik wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Onda göz öňüne tutulan işleri amala aşyrmakda kitaphana işgärleriň çykyşlary ýerine ýetirildi.

Çykyşyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitaphana ulgamyny has-da kämilleşdirmekde atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.