22-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna seretmek maslahatyň gün tertibindäki esasy mesele boldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, esasy maliýe-hukuk resminamasy möhüm pudaklaryň durnukly ösüş depginini saklamagyň, sebitleri ösdürmegiň, umuman, Diýarymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň hasabyna giň gerimli özgertmeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu kanunçylyk taslamasy taýýarlanylanda, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, gelip gowşan teklipler öwrenilip, ol milli parlamentiň ähli komitetlerinde deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda giňden seljerildi.
Ýurduň esasy maliýe resminamasy iri möçberli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri amala aşyrmagyň özboluşly ýyllyk ýol görkezijisi bolup çykyş edýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasata laýyklykda, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk toplumlary, ulag-aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty ýaly binýatlaýyn pudaklary depginli ösdürmek göz öňünde tutulýar. Tassyklanylan durmuş-ykdysady strategiýa görä, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde iri taslamalaryň, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, ulag-aragatnaşyk, önümçilik düzümleriniň täze desgalarynyň gurulmagyna, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň, ylymda, tehnikada soňky gazanylanlaryň giňden ornaşdyrylmagyna iri möçberli serişdeler bölünip berilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde nygtaýşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Döwlet býujeti bolsa ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Mälim bolşy ýaly, döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň işi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary arkaly beýan edilýän durmuş maksatly syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ilkinji nobatda, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny maksat edinýär.
«Türkmenistan» gazeti