logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISLER MERKEZINDE GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERTI GEÇIRILDI

26-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Mejlisler merkezinde baýramçylyk ruhunda bezelen sahnada emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününi täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň buýsanç duýgularyny beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hemme baýramçylyklar we dabaraly çäreler sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Olar milli medeniýetimizi baýlaşdyrmak we täze zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredilen döwletimiziň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara aýratyn öwüşgin çaýýar. Munuň şeýledigine bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylar ýene bir gezek göz ýetirdiler.