logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, adwokatura we adwokatlyk işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy, hukuk namalary, notariat we notarial işi, şeýle hem aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy bilen baglanyşykly häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Çagalar gaznasynyň durmuş ulgamy boýunça maslahatçysy bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda bu ugurdaky kanunçylygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Milletler Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň guramagynda geçirilen duşuşyga gatnaşyldy.

Mejlisiň wekilleri sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin parlamentara dialoga, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň Polşa Respublikasynyň paýtagty Warşawa şäherinde geçirilen her ýylky maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilata edilýän döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň täze edara binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


«Türkmenistan» gazeti