14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň(ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi.
Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň wekillerini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanlaryň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de olaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
«Türkmenistan» gazeti