7-nji martda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyò hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyk netijeli döwletara dialoga täze itergi bermäge hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny nazara almak bilen, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.
Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýady emele getirdi. Şunuň bilen birlikde, döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýän parlamentara gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň we Gruziýanyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan iki ýurt bu mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maksat edinýär.
«Türkmenistan» gazeti