logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAMBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Muhammed Jallow bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de giň möçberli çäräniň bu döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigini belledi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlar bilen, şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Gambiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz myhmanyň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady gazananlary bilen tanyşjakdygyny hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri bilen duşuşjakdygyny belläp, bu saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, iki halkyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek, sungat we döredijilik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gambiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Gambiýanyň wise-prezidenti medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada belläp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Özara hormat goýmak we açyklyk häsiýetinde geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Muhammed Jallow ählumumy başlangyçlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.