logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY

2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, ŞHG-niň sammitine gatnaşandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň Başlyk Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, syýasy dialog işjeň ösdürilýär.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlygyny beýan edip, hytaý tarapyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ŞHG-niň giňişliginde abadançylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Din Sýuesýany we Hytaý Halk Respublikasynyň dostlukly halkyny Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklar strategik we uzak möhletli häsiýete eýe bolup, ýurdumyz ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda iki ýurt ýokary döwlet, Hökümet we ministrler derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Parlament wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar, sebitara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn özara hereketleriň üstüni ýetirip, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak, iki ýurduň söwda-ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmek işinde hökümetara komitete uly ähmiýet berilýär.