logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KATAR DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniňdöwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hormatly Prezidentimizi ýakynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy-«Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nasser bin Ahmed Al Taherini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Katar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň, ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyz bu gatnaşyklary mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda pugtalandyrmagy hem-de täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejedäki özara saparlar bolsa ony has-da ilerletmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny ilkinjileriň biri bolup goldaýandygy üçin katar tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda, türkmen we katar halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyňahyrynda Katar DöwletiniňTürkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduňarasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


«Türkmenistan» gazeti