logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek hem-de bu ekinleriň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, şeýle hem pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny we ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň zerur ähmiýetini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


«Türkmenistan» gazeti