logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýyl üçin oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.