logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «MITSUBISHI HEAVY INDUSTRIES, LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ekologik taýdan arassa innowasion tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem myhman Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmana Türkmenistan bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Häzirki wagtda iri ýapon kompaniýalary ýurdumyzda dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, energetika, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar. “Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygymyzy täze ugurlar boýunça ösdürmäge uly mümkinçilik bar diýip hasap edýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan, karbamid öndürmäge niýetlenen toplumyň Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Işewür netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýdyp, «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito işinde üstünlikleri arzuw etdi.


«Türkmenistan» gazeti