logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MONAKO KNÝAZLYGYNYŇ ŞAZADASYNYŇ GEŇEŞÇISINI KABUL ETDI

27-nji aprelda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniňmilli baýramy mynasybetli gutlady. Sahawatly toprakda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ganatly bedewlere bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. Žoel Buzu şu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimize Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa mähirli salamyny, olara berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Žoel Buzudan haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Ahalteke bedewleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary şu ýylyň ýanwarynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlik gazandy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny belledi.

«Türkmenistan» gazeti