14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, amatly maýa goýum ýagdaýy we işewürlik üçin ähli şertler döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi we olaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejede yzygiderli guralýan saparlar gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi we saparyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
«Türkmenistan» gazeti