21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribe bu köpugurly gatnaşyklary häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyz üçin, şeýle hem halkara jemgyýetçilik üçin çuňňur mana eýedir. BMG tarapyndan resmi taýdan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk we parahatçylyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça oňyn teklipleri beýan etdiler. Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, ekologiýa we bilim ulgamlary ýaly ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde dialogyň we ynanyşmagyň möhüm ähmiýetini nygtap, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar.
Döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başlangyçlaryna, şol sanda durnukly ösüşi, gender deňligini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly maksatnamalaryna gatnaşyp gelýär. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralarynyň işine yzygiderli goşant goşýar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky ekologiýa başlangyçlary biodürlüligi gorap saklamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça taslamalary öz içine alýar. Ýurdumyz durnukly ösüş üçin “ýaşyl” tehnologiýalary ilerledip, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyna işjeň gatnaşýar.
«Türkmenistan gazeti»