logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ENERGETIKA WE TEBIGY SERIŞDELER MINISTRINI KABUL ETDI

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ENERGETIKA WE TEBIGY SERIŞDELER MINISTRINI KABUL ETDI

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, doganlyk ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz myhmanyň saparynyň dowamynda gatnaşan halkara forumynyň netijeleriniň iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, baý tejribä eýe bolan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkiýe Respublikasy bilen energetika babatda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir we ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, maýa goýumlar pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tebigy we uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň Türkiýe bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

«Türkmenistan» gazeti