logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň we ýurdumyzyň bilelikde guramagynda geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi we onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna berk ynam bildirdi.

Uganda Respublikasynyň Hökümetiniň ýolbaşçysy myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, ýokary derejedäki wekilçilikli forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň halkara derejede durnukly ösüşi üpjün etmäge we özara baglanyşygy berkitmäge ýurdumyzda aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Afrika sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu babatda ýurdumyz Uganda Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardyr.

«Biz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldaýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýeten derejesi, energetika, gaz himiýa we beýleki senagat ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Ugandanyň anyk teklipleri bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Robina Nabbanja şu günki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat döretjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.