logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝA SAPAR BILEN UGRADY

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝA SAPAR BILEN UGRADY

13-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan bu strategiýa ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar.

Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu günki gün türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda okgunly ösdürilýär. Türkmenistan hem-de Ýaponiýa abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde, «Merkezi Aziýa-Ýaponiýa» formatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýaponiýa ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklara we özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy, 2013-nji, 2015-nji, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga we ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berendigini bellemek gerek. Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

«Türkmenistan» gazeti