5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito we Premýer-ministr Sigeru Isiba iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Akihisa Nagaşimanyň saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine, bu duşuşyklaryň netijeleriniň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine laýyklykda işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, «Merkezi Aziýa-Ýaponiýa» dialogynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz bu dialogyň sebit derejesinde-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança bolup durýandygyny aýdyp, «Merkezi Aziýa-Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
«Türkmenistan» gazeti