3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.
Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr. Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar.
Ýurdumyz halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG, sebit we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan öz parahatçylyk döredijilikli syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählumumy howpsuzlyga, durnukly ösüşe goşant goşýar. Şeýle çemeleşme diňe sebit gün tertibi bilen çäklenmän, eýsem, has giňişleýin halkara başlangyçlarda hem öz beýanyny tapýar. Döwletimiz ählumumy ähmiýeti bolan birnäçe esasy ugurlar boýunça teklipler bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli işi diňe bir syýasy we diplomatik başlangyçlar bilen çäklenmeýär. Bu ugurda ykdysady diplomatiýa hem möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi energetika howpsuzlygy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar ykdysady başlangyçlaryň parahatçylyk döredijilikli maksatlara hyzmat etmeginiň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga şert döreder. Türkmenistan Merkezi Aziýany Kawkazyň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän «Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Munuň özi sebit söwdasyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.