3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.
Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr. Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar.