17-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Häzirki döwürde däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Özara hormat goýmak we deň hukuklylyk ýörelgeleri giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge güýçli itergi berýär.
2009-njy ýylyň dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklary düýpli özgerden aýratyn tapgyr boldy. Bu sapar diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmak bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletleýin senagat hyzmatdaşlygynyň konsepsiýasynyň hem binýadyny goýdy. Türkmenistan we Ýaponiýa halkara guramalaryň meýdançasynda ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.
Milli bähbitleriň özara baglanyşygy häzirki wagtda sebitiň energetika we ekologiýa gün tertibini kesgitleýän ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi Corporation”, “ITOCHU”, “Sojitz” ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmat daşlygyň netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk önümçilik kärhanalary döredildi. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Gyýanlyda polimer zawodynyň, Garabogazda karbamid zawodynyň işe girizilmegi bu strategiýanyň dowamy boldy. Bu taslamalar Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagat taýdan ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy.
«Türkmenistan» gazeti