logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ SUNGATDA AT GAZANAN IŞGÄRI, NAKGAŞ KAMIL WELIAHMEDOWYŇ «PLENER PASYLLAR» ATLY DÖREDIJILIK SERGISI

Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen röwşen geljege saryn öňe barýar. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýän döwründe, şekillendiriş sungatyna hem aýratyn üns berilýär. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşlygy bolsa, döwrüň talaplaryna laýyk şekilde türkmen ussat suratkeşleri tarapyndan elýetmez derejede özgerýär.

Biziň daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatymyzyň gözelligini wasp edip, sungata geçirmeklik ussat suratkeşlerimiziň paýyna düşýär. Her bir suratkeşiň özüniň aýratyn bir özboluşly dünýäsi bar. Oňa düşünmek, onuň gözi bilen seretmek üçin ussadyň döreden sungat eserlerini öwrenmek gerek.Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, nakgaş Kamil Weliahmedow hem türkmen şekillendiriş sungatyny özboluşly aýratyn dilde wasp edýän ussat suratkeş. Häzirki wagta çenli halypa suratkeş Turkiýe Respublikasynda, Awstriýa döwletinde, Merkezi Aziýa döwletleri bolan Hytaý halk Respublikasynda hem-de Aşgabat şäherinde özüniň şahsy sergisini gurnap gelýär. Onuň ýerine ýetiren nakgaş eserleri Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Fransiýasynyň, Şwesiýanyň, Turkiýa Respublikasynyň, Tatarystanyň hem-de Hytaý halk Respublakasynyň şahsy kolleksiýalarynda görmek bolýar. Bu günki gün hem, biziň sungat ojagymyzda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Kamil Weliahmedowyň «Plener pasyllar» atly naýbaşy sungat eserlerinden döredijilik sergisi guraldy. Sergide ussadyň ýerine ýetirmeginde 110-a golaý tebigatyň hemişe täzelenýän poeziýasyna aralaşýan reňkleriň sazlaşygy bilen öwüşgin berlen nakgaş eserleri ýerleşdirildi.

Sergidäki sungat eserleriniň üsti bilen hemişeki gözüniň görýän zatlaryny täzeden janlandyrmak üçin tebigatyň adaty adamlaryň gözüne görünmeýän has täsin, has gyzykly taraplaryny özboluşly tilsimleri bilen öz eserlerine siňdirip halk köpçüligine ýetirýär.

Türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlaryny sarpalamakda, olaryň döreden ajaýyp sungat eserlerini gorap saklamakda, olary halk köpçüligine hem-de ýaş nesillerimize ýetirmekde edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!