logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Malaýziýanyň Halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 2-4-nji oktýabry aralygynda Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «INTAC-2026» halkara syýahatçylyk sergisine, Türkmenistanyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalarynyň birnäçesi gatnaşdylar. «Döwletli jahan», «Gadymy miras», «Eşretli syýahat» syýahatçylyk kärhanalary serginiň giň zalynda, Türkmenistanyň pawiliýonlarynda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyrýan wideorolikleri we bukletler hem-de milli sowgatlyk önümleri bilen çykyş etdiler. Şeýle hem, sergä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlara türkmen tagamlaryny hödürlediler. Aşgabat-Kuala-Lumpur-Aşgabat göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy, Türkmenistan bilen Malaýziýa döwletiniň arasynda syýahatçylaryň akymyny has-da köpeltmek üçin örän ähmiýetlidir. Malaýziýa bilen syýahatçylyk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, bu ýurtdan ýurdumyza gelýän we ýurdumyzdan syýahat etmek maksady bilen gidýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna itergi berýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly ÝUNESKO-nyň maddy medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimizi halkara syýahatçylyk sergilerinde we syýahatçylyk platformalarynda mahabatlandyrmak, taryhy ýadygärliklerimiz barada gyzykly maglumatlary ýaýratmak arkaly ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri dünýä ýaýylýar.