Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Arheologiýa gazuw-barlag işleriniň netijesinde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinden ýüze çykarylyp, ylmy taýdan öwrenilen tapyndylaryň gowşurylmagy mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşlarynda ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny öwran-öwran nygtaýar. Dünýä halklarynyň arasynda Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde iň gadymy medeniýetiň dörän we ösen ýeri hökmünde tanalýar. Müňýyllyklaryň dowamynda tebigy gözelligi bilen adamzady özüne bendi eden ýurdumyzyň çäklerinde ata-babalarymyz gaýtalanmajak nusgalara eýe bolan medeniýeti, sungaty miras goýup gidipdirler.
Türkmen alymlary tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar bilen Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň ozalky täsin tapyndylarynyň üsti ýetirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi hem-de onuň garamagyndaky "Nusaý”, “Abiwerd” we “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanalary tarapyndan dürli görnüşli taryhy gymmatlyklar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyryldy. Dabaraly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergi hem gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň fotosuratlary, binanyň bezeg bölekleri görkezilip, olar täsinligi, daşky görnüşi, ölçegleriniň takyklygy, çyzma nagyşlarynyň çeperçiligi, ýüzüne berlen şekiller bilen haýran galdyrýar. Toýundan ýasalan küýzedir gap-gaçlaryň daşyna reňkli nagyş çekilen bolsa, syrçaly gabyň böleklerinde guşuň, gülüň şekilleri bar. Öküziň, horazyň, itiň şekilleri berlen heýkeljikler ýasalyşynyň naşylygy bilen tapawutlanýar. Gyzyň şekili çekilen gabyň bölegi sungatyň ajaýyp eserini ýadyňa salýar. Toýundan ýasalan kärizde ulanylýan güle hem täsin tapyndylaryň biridir.