Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň we UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet Medeniýet institutynda “Türkmenistan – UNESCO: parahatçylygyň bähbidine medeni hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu maslahata alymlar, sungaty öwrenijiler, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk, bu ugurda ýetilen sepgitler, geljekde garaşylýan netijeler barada gyzykly çykyşlar edildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy UNESCO-nyň arasynda medeni hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça giň gerimde ösdürilýär. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň täze tapgyry bolan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň baý mirasyny bütin dünýäde ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri açýan ajaýyp döwür boldy. Muňa Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ählitaraplaýyn ösdürilmegi hem aýdyň mysallaryň biridir.
Häzirki wagtda sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky hoşniýetli halkara-medeni hyzmatdaşlyklar netijeli häsiýetde kämilleşdirilýär. Hut şol hyzmatdaşlyklaryň çäginde «Görogly dessançylyk sungaty» 2015-nji ýylda, «Nowruz baýramçylygy» 2016-njy ýylda, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» 2017-nji ýylda, «Türkmenistanda haly dokamagyň milli sungaty» 2019-njy ýylda, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» 2021-nji ýylda, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalar 2022-nji ýylda, «Türkmen ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» 2023-nji ýylda UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna, Gadymy Merw, Köneürgenç we Parfiýanyň Nusaý galalary bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi we umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi.
Munuň özi dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda, kämilleşmeginde türkmen halkynyň täsiriniň hem goşandynyň uludygyny doly tassyklaýar.
Maslahata gatnaşanlar Türkmenistan döwletimiz bilen UNESCO-nyň arasyndaky hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere göterilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent maksatlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maddy däl medeni miras müdirligi