logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri-de alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işine guramaçylykly girişildi. Şeýle-de häkim Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almaga, ony talabalaýyk saklamaga taýýarlyk görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

«Türkmenistan» gazeti