logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«TÜRKSOÝ» AGZA ÝURTLARYŇ HEMIŞELIK MINISTRLER GEŇEŞINIŇ 42-NJI MEJLISINE TAÝÝARLYK

2025-nji ýylyň 18-20-nji awgusty aralygynda Türki medeniýetiniň halkara Guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň hemişelik ministrler geňeşiniň 42-nji mejlisine taýýarlyk görmek üçin 5-nji ýokary derejeli wekiller ýygnagy Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherinde geçirildi. 2025-nji ýylda ýerine ýetirlen hem-de 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmäge degişli çäreleri ara alnyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherinde geçirilýän TÜRKSOÝ-yň Hemişelik wekiller derejesindäki maslahatyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Maýa Saparowa gatnaşdy.

2026-njy ýylda meýilleşdirilýän medeni çäreleri, şeýle hem türki dünýäsinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda geljekki hemişelik geňeşiň gün tertibinde esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda: türki halklarynyň umumy medeni mirasyny wagyz etmek; ýaşlaryň arasynda medeni alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek; sungat we edebiýat pudagyndaky taslamalara goldaw; «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty -2026» çäginde çärelere taýýarlyk işleri barada boldy.