logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň Döwlet kitaphanasyna myhmançylygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary S.Raýew myhmançylykda boldy. Myhman Döwlet kitaphanasynda duz-çörek bilen garşylandy we kitaphana gezelenç etdiler. Soňra, olar kitaphanada bölümleriň alyp barýan işleri we türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergi, ýazyjy-şahyrlaryň hem-de hemişelik, wagtlaýyn durýan kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary S.Raýew “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde hem-de “Seýrek neşirler” bölüminde gezelençde bolmak bilen, seýrek neşirler bölüminde iň gadymy neşirler bilen hem tanyş boldylar. Gezelenjiň dowamynda myhman Döwlet kitaphanasyna “Türk dünyası geleneksel çocuk oyunları” atly kitaby sowgat berdi. Öz gezeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretaryna hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly gymmatly kitaby sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen şeýle ajaýyp çäreleriň, gezelençleriň gurnalmagy ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna uly ýardam berýär.