logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

Şu ýylyň 19-25-nji apreli aralygynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde, Özbegistanyň çeperçilik akademiýasy, şeýle hem, Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guramagynda, Türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň "Bir ruh, dürli reňk" atly bäsleşik sergisi geçirildi. Bäsleşik sergisinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gurban Babatäjow TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, şekillendiriş sungatynyň gülläp ösmegi, döredijilik işgärleriniň döwrebap zähmet çekmekleri üçin giň ýollar açylýar. Munuň özi döredijilik işgärleriniň halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanyp, eziz Watanymyzyň sungatda ýeten derejesini giňden dünýä ýaýmaklary üçin döredilýän uly mümkinçilikler hem oňyn şertlerdir.