“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler, konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda birnäçe ýyllar bäri asylly däbe öwrülen, okuwy üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň ýekelikdäki konsertleri dabaraly ýagdaýda geçirilýär.
Ýakynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň bäşinji ýyl talyplary Azat Öräýew, Babageldi Supanow, Mekan Nepesow ýerine ýetirijilik hünäri boýunça birnäçe ajaýyp eserlerden düzülen konsert meýilnamasy bilen çykyş etdiler. Halypa mugallymlardan tälim alan uçurymlar türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň birnäçesini konsert zalynda ussatlarça ýerine ýetirip, myhmanlar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldular.
Ýerine ýetirilen eserleriň arasynda M.Nazarowanyň sazandarlyk etmeginde, Azat Öräýewiň ýerine ýetirmeginde B.Hudaýnazarow “Konsertino-Gazal”, W.A.Mosart “Serenada”, W.Monti “Çardaş”, Babageldi Supanowyň ýerine ýetirmeginde Ç.Nurymow “Sonata”, D.Dadaşow “Skerso”, H.Wekilow “Konsert” eserleri has-da täsirli boldy. Şeýle-de plektrli dutar saz guralynda Mekan Nepesowyň ýerine ýetiren G.Kulyýew “Konsertino”, Ž.Bize “Uwertýura”, K.Dimitresku “Tans” eserleri diňleýjiler tarapyndan şowhunly garşy alyndy. Dabaranyň soňunda ajaýyp sazlar bilen çykyş eden uçurym talyplara halypa mugallymlar tarapyndan geljekde has-da öňegidişlikleri we ak ýol arzuw edildi.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi ösdürmekde, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby