“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylda ýurdumyzda aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde birnäçe çäreler, bäsleşikler we festiwallar alnyp barylýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki ýekelikdäki konsertleri dowam edýär.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurym talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedow “Dutaryň owazy”, A.Wiwaldi, “Ýyl pasyllary” Tomus II-III bölümler, H.Rizaýew “Çargah rapsodiýasy”, Ý.Klepanow “Ispan tansy”, Ý.Şabalin Improwizasiýa na temu L.Ýanga “Na sypoçkah” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin gerekli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun.
Gülkamar DÖWLETOWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby