logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

UÇURYMLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI MIRASYMYZYŇ WASPY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn gülleýär, ösýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyza, medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy” diýen röwşen pikir-garaýyşlary döwletimiziň ylym ulgamynda alnyp barylýan işlere, milli mirasymyzy sungatymyzy öwrenmeklige täze döwrüň badalgasyny berýär. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýän döwründe, amaly-haşam sungaty hem kämil derejelere ýetýär. Ýaş nesillerimize bu sungatyň inçe syrlaryny, nepis gözelliklerini öwretmekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda uly işler alnyp barylýar. Şu günler bu ýokary okuw mekdebinde okuwyny üstünlikli tamamlaýan uçurumlaryň diplom işleriniň goragy gyzgalaňly dowam edýär. “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “Halyçylyk”, “Keramika”, “Zergärçilik” hünärleri boýunça 6-ýyl bilim alan zehinli talyplarymyz ýerine ýetiren diplom işlerinde özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezýärler. Olaryň arasynda “Halyçylyk” hünäri boýunça bilim alan talyp Keramat Penaýewanyň “Sumbaryň narlary” atly şekilli haly işinde halynyň ýüzünde natýurmort sungatyny peýzaž sungaty bilen sazlaşdyryp görkezilýär. Bu haly işde gyrmyzy narlaryň miweleriniň öňe çykarylyp görkezilmegi, çeşme suwunyň akyp durmagy, howanyň, tebigatyň iň gözel gözel we owadan pursatlary bilen utgaşýar. Eserde goýy gyrmyzy, gyzyl, ýaşyl, gök reňkler ýerlikli çözmek başarnygy duýulýar. Halynyň çarçuwasynda “älem”, “dyrnak göl”, “guşly göl” ýaly nagyşlary sazlaşykda ulanylýar.

Oguljeren Aganyýazowanyň “Şasenem-Garyp” atly keramika toplumy bolsa üç sany küýzeden ybarat bolup, olarda “Şasenem-Garyp” dessanynyň başyndan soňuna çenli bolan wakalar, sýužetler küýzäniň ýüzünde taslama häsiýetde beýan edilýär. Küýzäniň çeper serişdesi bişen toýun palçygyndan ybarat bolup, onuň üstünden lak serişdesi üstünlikli ulanylýar. Küýzäniň ýüzündäki ösümlik nagyşlar bolsa esere aýratyn bezeg berýär. Oguljeren Aganyýazowa bu işini Eýran we Gündogar miniatýura sungatyndan täsirlenip döredendigini görmek bolýar.

“Zergärçilik” bölüminiň uçurumy Arslanmyrat Agamyradowyň “Bedew atym ganatym” atly bedew şaý-sep toplumy örän gyzyklydyr. Bu eser bedew atyny bezeýän bezeg hökmünde ýerine ýetirilip, onda deri, kümüş, altyn çeper serişdeleri sazlaşykly häsiýetde ulanylýar. Bu toplumda boýunlyk, gözlük, göwüsbent ýaly at bezeg şaý-sepleri diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem goraýjylyk häsiýeti bilen kesme we çyzma tärleriň nagyşlar ulgamyny emele getirýär. Hakyk daşlary ýerlikli ulanylýar hem-de altyn çaýylan plastinkalaryň ýüzünde özboluşly aýratyn haşamlylyk çözgüdini emele getirýär.

Şu günki diplom goragynda zehinli talyplarymyzyň ählisi ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ähli diplom işlerde milli mirasymyzyň çeper çözgütleri, gözellikleri, inçeligi jemlenilýändigini aýratyn bellemek bolar. Amaly-haşam sungatynyň inçe ýollaryny öwrenmäge we ele almaga ýaş nesillerimize döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Göwher Saparmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrsaynyň mugallymy