2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň uçurymlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Birnäçe gün bäri dürli hünärler boýunça dowam edip gelýän diplom işleri boýunça açyk goraglara medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar.
«Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi», «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hünärleri boýunça bilim alan talyplaryň ýerine ýetiren diplom işleri olaryň öz hünärlerini ýokary derejede ele alandyklaryna şaýatlyk edýär. «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi» hünärinde bilim alan talyplar, esasan ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini öwrenip, milli binagärlik alamatlaryny özünde jemleýän dürli maksatlar üçin niýetlenen binalaryň taslamalaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda Guwanç Akgaýew we Nowruz Toýlyýewiñ «Seýit Jemaleddin kümmetiniň portalynyň rejelenen görnüşi», Toýbibi Bäşimowanyň «Dehistan ýadygärlikler toplumy», Şirin Mämmedowa, Şemşat Rejepowanyň «Nusaýyň medeni we syýahatçylyk zolagy», hem-de birnäçe taryhy, medeni ýadygärliklerimize bagyşlanan taslamalary ýokary derejede işlenipdir. Esasanda, häzirki wagtda binagärlik gurluşy, bezeg alamatlary bilen dünýä binagärlik taryhynda mynasyp ornuny alan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki Nejmeddin Kubranyň mawzoleýiniň nagyşlarynyň rejelenen görnüşini talyp Döwletmyrat Oraznobatow tarapyndan işlendi.
Binagärlik gurşawynyň dizaýny hünärinde bilim alan talyplardan Oguljemal Ilýasowanyñ «Ahal welaýatynyñ Gökdepe etrabynyñ Gökdepe şäherine niýetlenen Awtomenzil», Baýram Hojanyýazowyñ «Aşgabat şäheriniñ Büzmeýin etrabyna niýetlenen ekologik taýdan arassa önümleri gaýtadan işleýän kärhananyñ taslamasy» we başga-da myhmanhanalaryñ, muzeýleriñ, mekdepleriñ, şäherçäniñ taslama görnüşleriniñ dünýä binagärlik sungatynyň gazananlary bilen bir hatarda, milli binagärlik alamatlarynyň sintezi diplom işlerinde ýerlikli ulanylypdyr.
Talyplaryň taslamalary häzirki wagtda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň dürli künjekleri üçin gurulmagy teklip edilýän binalar bolup durýar. Binagärlik kafedrasyny üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleri, olaryň döredijilik ýolundaky üstünlikleriniň başlangyjy bolup synag toparynyň agzalary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldular. Bu hem, talyplara öwredilen hünäri doly ele alandyklaryny, mugallymlaryň çekýän zähmetiniñ ýerine gowşandygyny, çeperçilik akademiýasynyň täze hünärmenleri taýýarlamakdaky üstünliklerine guwanmaga haklydygyny görkezýär.
Bagtygül HOJAGELDIÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy