logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

UGANDA RESPUBLIKASY BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDA SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK MASLAHATLAŞYLDY

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Uganda Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi we ikinji sekretary bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni we syýahatçylyk ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Uganda Respublikasynyň syýahatçylyk ministrliginiň wekilleri bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň arasynda medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça göni wideo aragatnaşyk arakly iş duşuşygyny geçirmeklik, hem-de iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň gatnaşmaklarynda tanyşdyryş syýahatçylygyny gurnamaklyk boýunça teklipler hödürlenildi.