Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Nowruz halklaryň dost-doganlyk baýramy bolup, ýurdumyzda halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligini rowaçlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde giňden bellenilýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň talyplary ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.