Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde şahyr, redaktor, terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap «Ülkeriň bir ýyldyzy» ady bilen ussat halypanyň döredijilik ýoly hakynda ýaş nesilleri tanyş etmek maksady bilen edebiýat ertirligini geçirdi. Çärämiziň başynda kitaphana hünärmeni ýazyjy K.Gurbanmyradowyň ömri we döredijiligi hem-de onuň döreden birnäçe eserleri ýagny “Sähra gözýetimi”, “Saňa köňül bersem”, “Ala-bahar”, “Hyýal guşum” we “Oglum ikimiz” atly kitaplarynyň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde ähmiýeti barada gyzykly gürrüňleri berdi. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan şahyryň döredijiligine degişli neşirlerden guran göçme kitap sergimiziň ýany hem köp adamly boldy.
Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy özleriniň ölmez-ýitmez eserleri bilen baýlaşdyran şahsyýetlerimiziň döredijilik ýoly hakynda ýaş nesilleri tanyşdyrmaklykda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.