logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ajaýyp toý tutduk älem galdy haýrana

2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty taryhy wakalara beslenip üstünlikli geçirildi. Bu iri çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy örän buýsançlydyr. Atly sport boýunça Ýer ýüzüniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýan Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň ata Watanynyň guran toýunda türkmen aýdym-sazlary belentden ýaňlanyp, milli tanslarymyz sazlaşykly, owadan görnüşlerde ýerine ýetirildi. Ýewropada şeýle halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmek babatda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň goldaw-tagallalary çäksiz uludyr. Bu ýere dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlar türkmen halkynyň bedew bady bilen myradyna ýetýändigine — bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna, deňsiz-taýsyz üstünlikleri gazanýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, dost-doganlygy ilerledýändigine ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdiler. Ahalteke bedewiniň toýy Ýewropanyň ýüreginde ebedilik yz goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň Kronenbergdäki dabaralara gatnaşmagy, medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etmegi ýatdan çykmajak täsirlere beslendi.

Ahalteke bedewleriniň Ýewropada tutulan giň gerimli toýy türkmen sungatyny Günbatarda belentden dabaralandyrdy. «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda atçylygyň, sportuň, ylmyň hem medeniýetiň umumy sazlaşygy ajaýyplygy hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Myhmanlar halkymyzyň milli aýdym-sazlaryna, lybaslaryna, däp-dessurlaryna, dokmaçylyk, senetçilik önümlerine, türkmeniň ak öýi bezemek dessuryna, gelin-gyzlaryň üme etmek däbine çeper täsinlikler hökmünde baha berdiler. Dünýäniň dürli künjeginden suratkeşler, heýkeltaraşlar, zergärler, halyçylar, fotosuratçylar ahalteke bedewlerini wasp edýän eserleri bilen Kronenbergde geçirilen döredijilik bäsleşiginiň sungat döwresini bezediler. Bu eserlerde gadymy eýýamlarda «asman atlary» diýlip atlandyrylan behişdi bedewleriň gözelligi, ýyndamlygy, adamzat siwilizasiýasyndaky taryhy, medeni orny giňden öz beýanyny tapdy. Türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda bedewler naýbaşy gözelligiň hem-de tebigy sazlaşygyň nusgasydyr. «Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigiň mysalynda-da ahalteke bedewleriniň taryhy-medeni gymmatlyk hökmünde egsilmez ylham çeşmesidigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny ýene bir gezek belende göterdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýragy we degişli Kubok bilen sylaglanmagy örän buýsançly wakadyr.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli atçylyk däplerimizi ilerletmekdäki uly tagallalarynyň barha rowaçlanýandygy biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine mynasyp bolan baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Konserte Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary ahalteke atlarynyň şanyna guralan giň gerimli çäreleriň ajaýyp dowamy boldy.

Konsertiň maksatnamasy häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungaty bilen dünýä halklarynyň sungatynyň arasynda ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Hemmeleriň göwnüni joşa getirýän “Küştdepdi” dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Rowaç» we «Arzuw» atly aýdymlar asylly arzuwlaryň we maksatlaryň hemişe rowaç tapýandygynyň owazy bolup ýaňlandy. Aýdymlaryň ýakymly owazy bilen ahalteke bedewiniň sahnadaky sazlaşykly hereketleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir döretdi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp aýdym özboluşly sena bolup ýaňlandy. Feýerwerkleriň we dron şüweleňleri dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.

Dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bu iri çäräniň bezegine öwrüldi.

Türkmen sungatyny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.