logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

UMUMY ADAMZAT BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi bilen bilelikde. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatynda, 7 ugur boýunça geçiriljek duşuşyklara görülýän taýýarlyklar hakynda «Umumy adamzat bähbitli hyzmatdaşlyk» ady bilen hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde täsirli söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli forumyň çäklerinde gurnaljak medeni-köpçülik çäreleri, maslahatlar, howa menzilinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlary türkmeniň milli ýörelgelerine, myhmansöýerlik dessurlaryna laýyk derejede garşy almak, hemme taraplaýyn ýokary derejede guramaçylyk işlerini alyp barmak hakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren iş maslahaty barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanadyp, asudalygy, parahatçylygy, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.