Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Unudylmajak gahrymanlar baky ýaşar gursakda» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanan weteranlarymyza we olaryň ojagyny saklan enelerimize goýulýan sarpanyň örän ýokarydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň edermen ogul-gyzlary, beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde, urşuň agyr synagyna döz gelip, dünýäde parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezendikleri barada beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.