Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitaphanasynda sungaty söýüji ýaşlar bilen Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewiň doglan gününiň 125 ýyllygyna bagyşlap, «Ussat bagşy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat bagşynyň sungata bagyşlanan ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Aýdym-sazyň gudraty, jadylaýjy güýji, ynsanyň aňyna, kalbyna edýän ýakymly täsiri barada gyzykly gürrüňdeşlik boldy. Hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde orun alan Şükür bagşynyň gazma dutary bilen ýüze çykan meseläni parahatlyk ýoly bilen çözendigi baradaky setirlerini bilesigeliji ýaşlara gürrüň berdiler. Gymmatly eserde beýan edilýän «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar» diýen setirler çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda uly aladalar edýän, ýurdumyzy asudalygyň, parahatçylygyň hem-de aýdym-sazyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.