Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Ussat gyjakçy Aba Ablyýewi ýatlap söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan halypa bagşylarymyz bar. Şeýle tanymal, görnükli, «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» «Türkmenistanyň halk artisti» ussat gyjakçy. Ata Ablyýewdyr. Ussat halypa gyjakçylygyndan başga kompozitor-melodist hökmünde hem özüni tanadypdyr. Ol 24 töweregi eser döredipdir. Şolardan «Kyrk ýyl içinde», «Altaýly dost», «Gelin», «Bagbanyň gyzy», «Zähmet hakynda aýdym», «Käkilik», «Kanaldan suw akyp gelýär» ýaly ençeme eserler Ata Ablyýewiň döreden eserleridir. Aýdymdan başga ol halk saz gurallary üçin birnäçe esaslary hem ýazypdyr. Olardan «Ynamly», «Ýaryşdaş dostlar», «Änew mukamy», «Ussada», «Dostum sen», «Joşýar göwün» ýaly sazlaryny mysal getirmek bolýar.
Söhbetdeşlikde ussat gyjakçynyň, meşhur halypanyň halk aýdym-sazymyzyň dürli ugurlaryna, usullaryna juda belet bolandygy barasynda täsirli gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan halypalary ýatlamaga, giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.