logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

USSAT HALYÇY OGULGEREK HALYPAMYZ GÖRELDE MEKDEBIMIZDIR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” «Ussat halyçy Ogulgerek halypamyz görelde mekdebimizdir» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge, Watanyň şan-şöhratyny ösüşlerini, çeper elleriniň, uz barmaklarynyň döredýän haly gölleridir, nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşan ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Ogulgerek Berdimuhamedowanyň eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezýän ussat halyçy höküminde uly abraýa eýe bolandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda, ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.